Asia trend market logoAsia trend market logo
ru
Русский
en
English

Ýagty

Habarlaşmak +993 71 690907
Kärhanalar
Harytlar
Hyzmatlar
Bildirişler

Baş sahypa

Kärhanalar

Önümçilik we senagat

Mebel önümçiligi

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    Berk Altyn Gapy

    VIP
    5
    |
    244

    Önümçilik we senagat

    "Berk Altyn Gapy" hususy kärhanasy 20 ýyldan gowrak wagt bäri gapylary öndürmekde uly üstünliklere ýetdi. Onuň fabrikada öndürilen gapylary elýeterli dizaýny we bahasy bilen tapawutlanýar. Olar dürli ölçeglerde we dürli maksatlar üçin elýeterli bolan takmynan 100 görnüşli gapylary hödürleýärler. Önümçilikden başga-da, kompaniýa häzirki wagtda öňdebaryjy halkara önüm öndürijilerinden gapylary import edýär we eltip bermek we gurnamak hyzmatlaryny hödürleýär. Ýurduň ähli künjeginden sargyt boýunça ýasalan gapylar hem bar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    244
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Bezeg-Rahatlyk Merkezi

    VIP
    5
    |
    273

    Önümçilik we senagat

    2006-njy ýyldan bäri Aşgabat sebitinde iş alyp barýan kompaniýamyz Türkmenistanyň öňdebaryjy mebel we gapy öndürijileriniň biri hökmünde tanalýar. Soňky reorganizasiýa maksatnamasyndan soň, kompaniýamyz 1500 m² meýdany bolan täze fabrige göçüp, iň täze tehnologiýaly enjamlara maýa goýumlaryny amala aşyrdy. Döredilen günümizden bäri hil, estetika we müşderi kanagatlanmasyny esasy ýörelge hökmünde kabul edip, milli bazarda ynamdar marka öwrüldik. Döwrebap önümçilik desgamyz hem-de tejribeli hünärmenler toparymyz bilen dürli mebel zerurlyklary üçin innowasion we durnukly çözgütleri hödürleýäris. Ýokary hil standartlarymyz, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik ulgamymyz we jikme-jikliklere aýratyn üns bermek arkaly her taslamada kämilligi maksat edinýäris. Pudakdaky täzelikleri yzygiderli yzarlap, müşderi pikir-garaýyşlaryny seljerýäris hem-de döwrebap, funksional mebel dizaýnlaryny döretmek bilen hyzmat etmegimize buýsanç duyýarys.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    273
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    BELENT AKABA

    VIP
    5
    |
    468

    “Belent Akaba” hususy kärhanasy 2014-nji ýylda döredildi. Kärhananyň esasy iş ugry ýurdumyzdaky çagalar baglaryny we mekdepleri, okuw jaýlaryny, kitaphanalary we beýleki bilim ojaklaryny, şol bir wagtda edara binalaryny döwrebap enjamlar, esbaplar we mebeller bilen üpjün etmekden we olary gurnamakdan ybarat bolup durýar. Bu babatda kärhanamyz Germaniýanyň dünýä belli “VS” we Türkiýe Respublikasynyň görnükli “OSCAR Eğitim Araçları” kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. 2021-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň orta we kiçi telekeçiligi goldamak syýasatyndan ugur alyp, kärhanamyz ýerli önüm bolan ýokary dykyzlykly polietilenden we polipropilenden ergonomiki oturgyçlaryň önümçiligine hem-de bir we iki orunlyk partalaryň önümçiligine başlady. Özüniň ýokary hili, berkligi, saglyk taýdan oňaýlylygy we daşky keşbi bilen tapawutlanýan bu önümler gündelik durmuşymyzda, esasan hem öýlerde, bilim edaralarynda, ofislerde we medeni dynç alyş mekanlarynda giňden peýdalanylmaga niýetlenendir. Aýlyk önümçilik kuwwaty 20 000 oturgyja we 10 000 partalara barabar bolan kärhanamyz öz işini ynamly we ygtybarly alyp barýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    468
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Nurgala Mebel

    VIP
    5
    |
    487

    Hyzmatlar

    "Nurgala" öý we ofis üçin ýokary hilli türk mebelleriniň dükany. Mebel markalaryny hödürleýäris: 1. Gala mobilya 2.ODAM mobilya 3. AKYOL LIFE style 4. AYESSOFA 5. INDIVANI Dükanyň satyjylary baha we stil taýdan iň oňat mebel görnüşlerini saýlamaga kömek bererler. Mebellerimiz ýokary hilli materiallardan we klassikden beýiklige çenli dürli görnüşleri amatly bahadan. Ýurdumyzyň islendik künjegine eltip berme hyzmaty mugt. "Nurgala" durmuşyňyzy rahat we howpsuz etmäge ymtylýar we her bir öýde rahatlyk, erkinlik duýgusyny berýär!

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    487
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    ZOK DECOR

    VIP
    5
    |
    356

    Hyzmatlar

    “Ýigitler Mekany” “Zok Decor” brendi astynda bezeg emulsiýalaryny öndürýär, olar gurluşykda we bezeg işlerinde diwarlarda we beýleki ýüzlerde özboluşly teksturalar we effektler döretmek üçin ulanylýar. “Zok Decor” önümleri ýewropa tehnologiýalary arkaly işlenip düzülýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    356
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Buda Gerek

    VIP
    5
    |
    487

    Önümçilik we senagat

    Biz santehnika we interýer önümleriniň satuwy bilen meşgullanýarys. Hödürleýän önümlerimiziň hatarynda unitazlar, rakowinalar, aýnalar, garyjylar (smesiteller) we kaminler bar. Müşderilerimize döwrebap dizaýna, ýokary hile we ygtybarlylyga laýyk gelýän çözgütleri hödürlemek biziň esasy maksadymyzdyr. Aşgabat şäherindäki öýler we täjirçilik ýerleri üçin amatly önümleri üpjün edýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    487
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Zebrana Mebel

    VIP
    5
    |
    537

    Hyzmatlar

    Biz “Zebrano mebel” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili bolup durýarys. Müşderilerimize döwrebap dizaýna, rahatlyga we ýokary hile laýyk gelýän mebel önümlerini hödürleýäris. Önümleriň hakykylygyny, ygtybarly hyzmaty we her müşderä aýratyn çemeleşmäni kepillendirýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    537
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    AÝAZHAN

    VIP
    5
    |
    686

    Hyzmatlar

    "Aýazhan” söwda enjamlary marketiniň döreýiş taryhy öz başlangyjyny 2013-nji ýylda Mebel aksessuarlarynyň söwdasy boýunça iň uly bizneslerinden biri bolan “Timaryň” özi üçin täze ugur bolan söwda harytlarynyň we enjamlarynyň söwdasyna başlan döwründen alyp gaýdýar. Gysga wagtyň içinde bu görnüş harytlara bolan isleg artýar we bu iş üçin aýratyn çemeleşmegi hem-de ösüş strategiýasyny talap edýär. Netijede, 2020-nji ýylda “Timarda” söwda harytlarynyň we enjamlarynyň söwdasy boýunça "Aýazhan" atly aýratyn täze ugur döredilýär. 2023-nji ýylyň Fewral aýynda bolsa “Aýazhan” “Timardan” bölünýär we aýratyn biznes bolýar. “Aýazhan’’ söwda enjamlary marketi siziň öýleriňizi we dükanlaryňyzy tekjeler hem-de dürli market aksessuarlary bilen bezemek we gurnap bermek işini alyp barýar. Häzirki wagtda söwda harytlary we enjamlary boýunça Türkmenistanda iň uly söwda ulgamy bolup ähli welaýatlarda müşderilere hyzmat berýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    686
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Kaşaň Mebel

    VIP
    5
    |
    684

    Önümçilik we senagat

    Biziň mebel kompaniýamyz döwrebap dizaýnly, berk we amatly mebelleri öndürmäge we hödürlemäge ýöriteleşýär. Biz öýler, ofisler we täjirçilik giňişlikleri üçin ýokary hilli çözgütleri döredýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    684
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Türkmen Mebel

    VIP
    5
    |
    460

    Hyzmatlar

    Biziň mebel kärhanamyz ýokary hilli, dizaýnly we ynamly mebelleri öndürýär. Hünärmenler toparymyz iň täze tehnologiýalar we ýörite usullar bilen el işini we zamana laýyk önümçiligi birleşdirýär. Maksadymyz müşderilere rahatlyk we ajaýyp estetika bilen öýlerini, ofislerini we beýleki ýerlerini bezemekdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    460
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    TIMAR

    VIP
    5
    |
    1653

    Hyzmatlar

    Timar mebel aksessuarlary marketimiz 2011-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň we şäherimiziň dürli künjeklerinde müşderilerimize hyzmat edip gelýär. Häzirki wagtda marketimiz Size dürli meşhur brendlere degişli bolan müňlerçe haryt görnüşlerini hödürleýär. Biz müşderilerimizden gelýän islegler we teklipler esasynda haryt assortimentimizi yzygiderli giňeldýäris. Timar marketiniň hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmak maksady bilen timar.com.tm web-sahypasyny döretdik. Biziň esasy maksadymyz — müşderilerimize ýokary hilli hyzmatymyzy online görnüşde hem dowam etdirip, olaryň hoşallygyny gazanmakdyr. Indi Siz zerur bolan harytlaryňyzy öýüňizden ýa-da iş ýeriňizden çykman, online usulda aňsatlyk bilen sargap bilersiňiz. Şeýlelikde, wagtyňyzy we transport çykdajylaryňyzy tygşytlarsyňyz. Harytlaryňyz eltip berlenden soň, tölegi nagt görnüşde töläp bilersiňiz.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1653
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Sähetli Mebel

    VIP
    5
    |
    592

    Önümçilik we senagat

    Sahetli Mebel — her bir jigi jiklige üns berlip, ýokary hilli materiallardan taýýarlanan, döwrebap dizaýny özünde jemleýän premium mebel öndürijisidir. Biz siziň öýüňize rahatlyk, nepislik we dowamlylyk berýän elitý mebel görnüşlerini hödürleýäris. Biziň ýörelgelerimiz: • ýokary hilli önümçilik • inçe we döwrebap stil • ýokary tehnologiýaly işläp-taýýarlama • müşderä ýazgyly hyzmat Biz öýüňize sazlaşyk, rahatlyk we baýlyk getirer ýaly mebel döredýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    592
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Rysgal Mebel

    VIP
    5
    |
    2079

    Önümçilik we senagat

    Rysgal Mebel — islendik görnüşdäki öý we ofis mebellerini ýokary hilli, häzirki zaman dizaýny bilen hödürleýän öňdebaryjy öndüriji kärhana. Size gerekli mebeliň ähli görnüşini biziň dükanlarymyzdan tapyp bilersiňiz.

    guwanchyaz99@gmail.com+99312761952
    5
    |
    2079
    guwanchyaz99@gmail.com+99312761952

    TÄZE DEMIR

    VIP
    5
    |
    456

    Önümçilik we senagat

    Biziň kompaniýamyz bezeg metal önümlerini öndürmek, dikeltmek we gurnamak boýunça ýöriteleşendir. Biz ýokary hilli, çydamly we her taslama üçin aýratyn çemeleşme hödürleýäris. Biziň hünärmenlerimiz häzirki zaman tehnologiýalary we materiallary ulanýarlar, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrýan we içki hem daşky bezeg üçin owadan önümler döredýärler.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    456
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Ynamly Design

    VIP
    5
    |
    465

    Hyzmatlar

    Biziň kärhanamyz gurluşyk we bezeg işlerinde baý tejribä eýedir. Biz müşderilerimize aşakdaky ugurlar boýunça ýokary hilli hyzmatlary hödürleýäris: Täzeden abatlaýyş we gurluşyk işleri Arhitektura we dizaýn taslamalary Daşky reklama taýýarlamak we gurmak Her islege görä mebel öndürmek Hyzmatlarymyzyň esasy maksady — müşderilerimiziň islegini doly kanagatlandyrmak we owadan, döwrebap giňişlik döretmekdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    465
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    HOME DECOR TM

    VIP
    5
    |
    468

    Hyzmatlar

    Home Decor TM 2021-nji ýylda işine başlan bezeg studiýasydyr. Içerki dizaýnda ähli hakyky estetiki hünärmenleriň gowy görýän ajaýyp tendensiýalary bar. Bezeg, mebel we dizaýn formatlary üýtgäp, uýgunlaşyp, has çylşyrymly we ergonomiki bolansoň, içerki dizaýnerden iň oňat görnüşlerini sargyt etmek meýillerine üns bermeli.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    468
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    KARAR KRESLO

    VIP
    5
    |
    2536

    Önümçilik we senagat

    Rahatlygyň we hilin nyşany – Karar kreslo. Döwrüň häzirki wagtdaky talaplaryna görä, adamlaryň islegi diňe bir eşik geýmek ýa-da öý bezemek däl, eýsem rahatlygy we ýokary hili bir wagtda duýmaktır. Şonuň üçin-de Karar kreslomyz müşderilere diňe bir önümi däl, eýsem rahatlygy hem hödürleýär. Biziň Karar kreslilerimiz ýokary hilli materiallardan taýýarlanýar we häzirki zaman dizaynerleri bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde müşderiniň islegine laýyk görnüşde hödürlenýär. Her bir önüm – bu rahatlygyň, ygtybarlylygyň we zerur hil standartlarynyň jemidir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    2536
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    ALMA AGAJY

    VIP
    5
    |
    526

    Önümçilik we senagat

    "Alma agajy" tomusky kottejler, terassalar we dynç alyş öýleri üçin köp sanly mebelleri hödürleýär. Eýranda öndürilen bag mebelleri ýokary hilli plastmassadan ýasaldy. Bu ajaýyp önümler tomus we ýaz dynç alyşlary üçin niýetlenendir. Satyjylarymyz size hil we baha taýdan iň oňat görnüşini saýlamaga kömek bererler. Diňe şu ýerde iň amatly bahadan owadan, ýokary hilli önüm alarsyňyz!

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    526
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri