Asia trend market logoAsia trend market logo
ru
Русский
en
English

Ýagty

Habarlaşmak +993 71 690907
Kärhanalar
Harytlar
Hyzmatlar
Bildirişler

Baş sahypa

Kärhanalar

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    Täze Aý

    VIP
    5
    |
    15759

    Önümçilik we senagat

    «Täze Aý» kärhanalar topary – şöhlat önümleriniň, konditer we süýt önümleriniň iň iri öndürijileriniň biridir, azyk önümleriniň jemi 500 töweregi görnüşini öndürýär. Önümçilik desgalary azyk önümleriniň hil we howpsuzlygynyň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr. Kärhanalarda ISO 9001:2015 talaplaryna laýyk gelýän hil dolandyryş ulgamy hem-de ISO 22000:2018 azyk önümleriniň howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy işläp gelýär, bu bolsa her bir fabrigiň degişlilyk şahadatnamalarynyň bolmagy bilen tassyklanýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    15759
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Ak Gar

    VIP
    5
    |
    4424

    Önümçilik we senagat

    “Ak Gar” konditer önümleri “Ak Gar” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhana 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň azyk senagatynda üstünlikli iş alyp barýar. Gysga wagtyň içinde kärhana ýerli sarp edijileriň ynamyny gazanyp, importyň ornuny tutýan konditer önümleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň birine öwrüldi. Esasy ýörelgämiz — hil, arassalyk we tebigy tagamy saklamak. Şonuň üçin önümlerimiziň ählisi halkara standartlaryna laýyklykda, goşundylarsyz we konserwantsyz taýýarlanylýar. Önümçilik sanawymyz: Gutuly gantlar “Hasyl” atly gündogaryň meşhur parwarda süýjileri Miwe we dürli tagamly karamel süýjiler “Nowruz” atly köpsanly görnüşli huruşly ýumşak çeýnelýän süýjiler Taýajykly karameller (lollipop) Kristal şekeri, şeker tozy, wanilli şekeri Kakao külkesi, iýmit sodasy, hamyr gabartma tozy, limon turşusy we beýleki ýörite konditer goşundylary “Ak Gar” önümleri ýokary hil gözegçiligi astynda gaplanyp, sarp edijilere arassa we howpsuz görnüşde hödürlenýär.

    info@akgarcandy.com+99312596914
    5
    |
    4424
    info@akgarcandy.com+99312596914

    Bagdan

    VIP
    5
    |
    5639

    Önümçilik we senagat

    2011 Biziň kompaniýamyz, siziň günüňiziň lezzetli başlamagy üçin guradylan miweler dünýäsine gyzykly syýahadyna başlady. 2017 Buýsanç bilen ilkinji konditer zawodymyzy açdyk. Bu hil we innowasiýa ygrarlylygymyzy alamatlandyrýan möhüm tapgyr boldy. 2022 Üstünlige bolan höwesimiziň netijesinde kompaniýamyzy giňeltmek we bazardaky ornumyzy berkitmek üçin ikinji konditer önümlerini öndürýän fabrigimizi açdyk.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    5639
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    OKGUN

    VIP
    5
    |
    444

    Önümçilik we senagat

    Mary şäherinde ýerleşýän  “Okgun” konditer kärhanasynda häzirki wagtda azyk önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilip, ak bazarlara we söwda dükanlaryna ugradylýar. Bu ýerde halkymyzyň köp isleg bildirýän köke, wafli, şokolad, sakgyç we nogul süýjüler ýaly konditer önümleri öndürilýär Kärhananyň daşary döwletlerden getirilýän konditer önümleriniň ornuny çalşyp biljek azyk harytlaryny öndürmek maksady bilen, kärhananyň konditer bölümini Türkiýe, Hytaý döwletlerinden getirilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Bu ýerde şekerli, şokolad örtükli, kakaonyň, ýer tudanasynyň, pyrtykalyň tagamy berlen, hili ýokary, tagamy datly, ekologiýa taýdan arassa konditer önümlerini öndürmäge mümkinçilik berilen.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    444
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    RAHAT LUKUM

    VIP
    5
    |
    773

    Önümçilik we senagat

    Biziň konditer öňümçiligimiz 2016-njy ýyldan bäri hereket edýär. Rahat-lukum konditer önümçiligi boýunça biziň ýurdumyzda ilkinji öndüriji bolup durýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    773
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    "HEKIM" KONDITER ÖNÜMLERI

    VIP
    5
    |
    515

    Önümçilik we senagat

    Biziň taryhymyz Biziň fabrikamyz konditerçilik sungatyna bolan höwesden we dünýä bilen iň gowy süýjülikleri paýlaşmak isleginden döräpdir. Dörän günümizden bäri, adatlary we döwrebap tehnologiýalary utgaşdyryp, müşderilerimizi ýokary hilli we tagamly önümler bilen begendirýäris Biziň missiýamyz Biziň missiýamyz ýönekeý: bagt getiren süýjülikleri döretmek. Biz ähli zadyň kämilligine ymtylýarys – iň gowy ingredientleri saýlamakdan başlap, özboluşly reseptleri döretmäge çenli. Her bir önüm biziň söýgimizden, ussatlygymyzdan we müşderilerimize bolan aladamyzyň netijesidir. Biziň önümlerimiz Biz konditerçilik önümleriniň giň görnüşini hödürleýäris: •    Karamelli we ýumşak zefiriň süýjülikleri •    Kökeler we wafli •    We başga köp zatlar Her bir önüm size unudylmajak tagam we estetiki lezzet almak üçin jikme-jikliklere aýratyn üns bilen döredilýär. Biziň gymmatlyklarymyz Biz hil, innowasiýa we durnukly ösüşiň ähmiýetine ynanýarys. Diňe tebigy ingredientleri ulanýarys we önümlerimiziň diňe bir tagamly däl, eýsem peýdaly bolmagyny üpjün etmek üçin ýokary önümçilik standartlaryna eýerýäris. Şeýle hem, ýerli jemgyýetleri goldaýarys we gaplamak üçin ekologiýa taýdan arassa we gaýtadan işlenip bilinýän materiallary saýlap, daşky gurşawy goraýarys.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    515
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    ASUDA KONDITER ÖNÜMLERI

    VIP
    5
    |
    518

    Önümçilik we senagat

    "Asuda" konditer fabrigy 2016-njy ýyldan bäri öz önümini içerki bazarda we eksportda söwdasyny amala aşyrýar. Biziň fabrikamyzyň esasy maksady - amatly bahadan ýokary hilli konditer önümlerini öndürmek. "Asuda" konditer önümleriniň hili çig mal bilen üpjün edijileri üns bilen saýlamagyny kepillendirýär. Öndürilen önümler kepillendirilen we ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýär. Häzirki wagtda "Asuda" konditer fabrigi, Türkmenistanda iň uly konditer önümlerini önderijileriniň biridir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    518
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Kilwan

    VIP
    5
    |
    1525

    Önümçilik we senagat

    “Hojaly” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylyň mart aýynyň 18-ne we 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 1-ne daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalar baglanyşmak arkaly ýumşak, gaty (petir), şokolad we karamel örtükli köke we wafli önümlerini awtomatik, dünýä ülňelerinde öndürjek zawody gurdy we "Kilwan" haryt nyşany bilen türkmen bazarlaryna konditer önümleriniň köpdürli görnüşlerini hödürledi.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1525
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    DUÝGY

    VIP
    5
    |
    440

    Önümçilik we senagat

    Duýgy – Türkmenistanda süýji-köke önümleriniň iri öndürijileriniň biri. Konditer kärhanamyz 2001-nji ýyldan bäri islendik tagam we islendik waka üçin önümleri – şokoladlary, süýjüleri, kökeleri, waflileri, irisi, keksleri we sakgyçlary öndürýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    440
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    MISGÄR

    VIP
    5
    |
    481

    Önümçilik we senagat

    "Misgär" hojalyk jemgyýeti 2000-nji ýylda konditer önümlerini öndürip başlady. Ýokary hilli önümlerden her dürli tagamlarda kökeler we waflilar öndürilýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    481
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Jadyly Däne

    VIP
    5
    |
    577

    Önümçilik we senagat

    Biziň kärhanamyz «Hoşniýetli dostlar» hojalyk jemgyýeti 2019-njy ýylyň 22-nji iýulynda esaslandyryldy we 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda süýji-köke (konditer) önümleriniň önümçiligine başlady. «Hoşniýetli dostlar» hojalyk jemgyýeti özüniň agzybir we hünärmen işgärleri bilen gysga wagtyň içinde «Jadyly däne» söwda markasy astynda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we elýeterli konditer önümleri bilen döwletimiziň — Türkmenistanyň ähli künjeklerinde özüni tanatmagy başardy we halkyň söýgüsini gazandy. Kärhanamyzda dünýä standartlaryna laýyk gelýän, doly awomatlaşdyrylan we döwrebap daşary ýurt enjamlary bilen enjamlaşdyrylan iki sany uly önümçilik sehleri bar: Birinji sehte: Gantly, uwan (gury) we gatlakly kökeleriň görnüşleri öndürilýär. Ikinji sehte: Taýajyk we ýassyjak görnüşli wafli önümleri öndürilýär. Häzirki wagtda kärhanamyzda kökeleriň we wafli önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär. Geljekde kompaniýamyzyň maksady önümleriň görnüşlerini köpeltmek we «Jadyly däne» önümlerini dünýäniň her bir künjeginde görmekdir. Şeýle hem, geljekde önümçiligimizi giňeltmegi, öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşlerini has-da artdyrmagy maksat edinýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    577
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Seven Stars Group

    VIP
    5
    |
    3552

    Önümçilik we senagat

    "Ýedi Ýyldyz" hususy kärhanamyz häzir hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistandaky iň uly eksport we import toparlarynyň birine öwrüldi. Dürli pudaklarda üstünlikli, durnukly we çalt ösýän kärhanalar bolan toparymyzyň bölümleriniň arasynda dürli iş ugurlary paýlanylýar. Hyzmatdaşlarymyz we müşderilerimiz, alyjylaryny özüne çekiji innowasiýa we tygşytly eksport programmalaryny hödürlemäge mümkinçilik berýän usulymyza ynanýarlar we üstünlikli ulanýarlar. “Seven Stars” 2013-nji ýyldan bäri beýleki kärhanalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip ýola goýdy. Bu gatnaşyklar dürli taslamalarymyzy we maksatnamalarymyzy amala aşyrmaga uly ýol açdy. Biz täze kompaniýalar üçin ýokary tizlikde we masştabda üýtgeşiklik döretmek maksady bilen agzalary, hyzmatdaşlary we goldawçylary birleşdirýäris. Muny, toruň özboluşly ukybyna esaslanyp, agzalarymyzy aýratyn we güýçli utgaşdyrýan dürli tejribe we bilimleri paýlaşmagyň üsti bilen ýerine ýetirýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    3552
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Gradus

    VIP
    5
    |
    609

    Önümçilik we senagat

    TAKE AWAY kofeýnyasy — ýokary hilli kofäni we original önümleri hödürleýän häzirki zaman mekanydyr. Biz diňe ygtybarly we original önümleri ulanyp, giň assortiment hödürleýäris. Maksadymyz — müşderilerimize lezzetli tagam, ýokary hyzmat derejesi we rahatlyk bermekdir. Müşderilerimiziň ynamyny gadyrlaýarys we hemişe kämillige çalyşýarys.

    k.kaibova@inbox.ru+99361023040
    5
    |
    609
    k.kaibova@inbox.ru+99361023040

    ALTYN ŞÖHLE

    VIP
    5
    |
    309

    Önümçilik we senagat

    Biziň kärhanamyz 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda "Altyn şöhle" haryt nyşany bilen süýji önümçiligine başlady. Kärhanamyzyň esasy işi dürli görnüşli süýjüleri öndürmekdir. Häzirki wagtda kärhanamyzyň önümçiliginde süýjüleriň 30-dan gowrak görnüşi bar, konditer önümçilik pudagynda birnäçe tejribeli we öňdebaryjy hünärmenler täze görnüşleri öndürmek üçin köp iş edýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    309
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Hasar

    VIP
    5
    |
    5076

    Önümçilik we senagat

    Bazarda 20 ýyldan gowrak wagt bäri bolmak bilen, “Hasar” şereketi Türkmenistanda iň iri we has meşhur konditer önümlerini öndürijisi bolup durýar we şunuň bilen baglylykda jemgyýetçilik jogapkärçiligi şereketiň strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. “Hasar” HJ öz işgärlerine degişlilikde we tutuş jemgyýetde jemgyýetçilik jogapkärçiligi syýasatyny alyp barýar. Paýtagtdaky “Hasar” konditer fabrigi ilatyň has pes goraglylygy bolan gatlaklaryna ýardam bermek ugrynda birnäçe maksatlaýyn meýilnamalary ýylyň ýylyna durmuşa geçirýär, dürli guramalara hemaýatkärlik ýardamyny berýär, öz işgärleriniň çagalary barada dowamly alada edýär we üns berýär, şeýle-de haýyr –sahabat we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýar. “Hasar” türkmen konditer şereketi hemişelik esasda çagalar öýlerine, şol sanda Maýyplara ýardam bermek merkezine, Türkmenistanyň Maýyplary sagaldyş we dikeldiş nerkezine, “Diýar” futbol toparyna haýyr sahabat kömegini berýär. Jemgyýetçilik taslamalaryna gatnaşmak bilen, konditer senagatynyň öňdebaryjysy bolan “Hasar” ulanyjylar üçin hakyky süýji durmuşy döredýär, has mätäç bolanlar üçin bolsa şatlygyň we hoşallygyň gaýtalanmajak duýgylaryny sowgat edýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    5076
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    BALŞEKER

    VIP
    5
    |
    6158

    Önümçilik we senagat

    BALŞEKER — konditer önümleriniň zawodudyr. Biz önümlerimiziň hilini gowulandyrmak, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak we işgärlerimizi taýýarlamak boýunça yzygiderli işleýäris. Biziň pikrimizçe, her bir müşderimiz diňe iň gowusyna mynasypdyr!

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    6158
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri