Kärhanalar
HS Codes
Incoterms
Bildirişler
Gümrük nokatlar
Biz barada
Habarlaşmak
ru
Русский
en
English

Ýagty

Asia trend market logoAsia trend market logo

Baş sahypa

Kärhanalar

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    Owadan Ulke

    VIP
    5
    |
    14805

    Önümçilik we senagat

    «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň çäginde guruldy we işe girizildi. Şereketimizde ilkinji bolup «NUR» haryt nyşany bilen önümler öndürilip başlandy. «NUR» haryt nyşany gysga wagtyň içinde Türkmen bazarynda berk orny eýelän markalaryň biri bolup halkymyzyň uly isleg bilen sarp etýän önümleriniň hataryna goşuldy. Mähriban halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, biziň kärhanamyzda häzirki günde «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» görnüşli haryt nyşanda önümler öndürilýär. «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti hil we azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamlaryny durmuşa geçirdi. Kärhanada ähli önümçilik ulgamlary dolandyryş standartlarynyň we ISO9001:2015 we HACCP talaplaryna laýyk gelýär. Öndürilen önümleriň ýokary hilli halkara ülňülerine laýyk gelýär we öndürijä eksport etmäge mümkinçilik berýär. Önümlerimiziň tebigylygy «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň ähli önümleri içerki telekeçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän ekalogiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerinden öndürilýär. Biziň kärhanamyzda döwrebap tehnalogiýalar bilen öndürilýän ýokary hilli önümler daşary ýurtdan gelýän önümleriň ornuny tutyp elýeterli bahalarda ak bazarlarymyzy bezeýär we önümlerimiz halkymyz tarapyndan uly islegler bilen sarp edilýän önümleriň ilkinjileriniň hatarynda gelýär. Bu bolsa bize önümlerimiziň içerki bazarlarmyzdan artan bölegini eksport etmäge bolan mümkinçiligimizi artdyrýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    14805
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Gerek Çay

    VIP
    5
    |
    906

    Önümçilik we senagat

    “Gerek Çay” — tebigatyň hödürleýän iň arassa we lezzetli çaýlaryny size ýetirýän kompaniýadyr. Biz müşderilerimize özboluşly ysly we tagamly ýaşyl çaýlaryň, şeýle hem dürli görnüşdäki çaýlaryň baý kolleksiýasyny hödürleýäris. Her bir bulgur çaý — rahatlygyň, dynç almagyň we aýratyn lezzetiň alamatydyr. Biziň maksadymyz — her bir müşderä tebigy we ýokary hilli çaý bilen hakykatdanam ýatdan çykmajak lezzetli pursatlary peşgeş bermekdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    906
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Nesil Coffee

    VIP
    5
    |
    3172

    Önümçilik we senagat

    Biziň iş taryhymyz Biziň söwdamyz 7 ýyl mundan öň kicijik pikir ýagny, Türkmenistanyň halkyna ýokary hilli kofe önümlerini öndürmeklik bilen başlady. Arzuwlarymyzy durmusa geçirmeklik üçin Änew şäherini saýladyk we şondan bäri, biziň söwdamyz ösdi we özgerdi. Biziň Kärhanamyzyň esasy maksady dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli kofe önümleri bilen ýurdumyzy üpjün etmek we täzelenen tagamy bilen alyjylary begendirmekdir. Dörediji hakda Biziň işimizi telekeçi Tejenmyrat Baýramdurdyýew tarapyndan döredildi. Onuň dünýägaraýşy we tutanýerliligi kampanýasynyň düýbiniň tutulmagyna sebäp boldy. Tejenmyrat dine bir önümleriň hiline däl, eysem iň täze tehnologiýalary önümçilik prosesine goşmagyň möhümligine düşünýän tejribeli telekeçi. Onuň ýolbaşçylygy we kofe bolan höwesi häzirki wagtda hiline we täzeligine guwanýan markanyň döretmegine mümkinçilik berdi. Biziň wezipämiz Biziň wezipämiz ylham we şatlyk berýän ýokary hilli kofe içgileri bilen Türkmenistany üpjün etmekdir. Kofe önümlerimiz üçin iň oňat “Arabica” we “Robusta” görnüşlerinden kofe dänelerini saýlap alýarys we 3 i 1 ýerde garyndylarymyz üçin ýörite tagamlary we reseptleri ulanýarys. Önümcilik prosesinde ulanylýan döwrebap tehnologiýalarymyz önümçiligiň her bir tapgyrynda yzygiderli hil we baý tagam üpjün edýär. Müşderilerimiz bizi saýlaýarlar, sebäbi biz olaryň zerurlyklaryna sarpa goýýarys we diňe bir kofe däl, eýsem hakyky lezzet hödürlemäge çalyşýarys.Döwrebap çemeleşmämiz we iň täze enjamlary ulanmak netijesinde Türkmenistanda ýokary hilli kofe islegini kanagatlandyrýarys. Üstünlikler we geljek Täzeçillik çemeleşmämiz we iň täze enjamlary ulanmak netijesinde Türkmenistanda ýokary hilli kofe islegini kanagatlandyrýarys. Önümlerimiz diňe bir ýerli sarp edijileri begendirmek bilen çäklenmän, ýurduň çäginden daşarda-da tanalýar. Ösmegi dowam etdirýäris we Merkezi Aziýada kofe bazarynda öňdebaryjy bolmagy, täze önümleri döretmegi we gözýetimlerimizi giňeltmegi maksat edinýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    3172
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Täze Aý

    VIP
    5
    |
    14557

    Önümçilik we senagat

    «Täze Aý» kärhanalar topary – şöhlat önümleriniň, konditer we süýt önümleriniň iň iri öndürijileriniň biridir, azyk önümleriniň jemi 500 töweregi görnüşini öndürýär. Önümçilik desgalary azyk önümleriniň hil we howpsuzlygynyň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr. Kärhanalarda ISO 9001:2015 talaplaryna laýyk gelýän hil dolandyryş ulgamy hem-de ISO 22000:2018 azyk önümleriniň howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy işläp gelýär, bu bolsa her bir fabrigiň degişlilyk şahadatnamalarynyň bolmagy bilen tassyklanýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    14557
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Parahat

    VIP
    5
    |
    4329

    Önümçilik we senagat

    "Parahat" - tebigy şireleri we nektarlary, sowuk çaýy, gazlandyrylan içgileri, miwe we gök önüm pürelerini, süýt önümlerini, konsentratlary, et önümlerini öndürýän, iň ösen tehnologiýalar bilen işleýän iň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň biridir. Kompaniýa 1993-nji ýylda esaslandyryldy. Esasy iş, ýerli bazarda häzirem bar bolan kolbasa öndürmekdi. Soňky ýyllarda IP "Parahat" kärhanasy, JOŞ, EÇIL, YESERJE, DAT, SÜYTLI DERE, DÄP, HAN ÇAY, ÖZİ, HAN ýaly meşhur markalary öz içine alýan önümleriň köp görnüşi bilen uly öndürijä öwrüldi. ŞOHLAT.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    4329
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Ak Gar

    VIP
    5
    |
    3907

    Önümçilik we senagat

    “Ak Gar” konditer önümleri “Ak Gar” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhana 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň azyk senagatynda üstünlikli iş alyp barýar. Gysga wagtyň içinde kärhana ýerli sarp edijileriň ynamyny gazanyp, importyň ornuny tutýan konditer önümleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň birine öwrüldi. Esasy ýörelgämiz — hil, arassalyk we tebigy tagamy saklamak. Şonuň üçin önümlerimiziň ählisi halkara standartlaryna laýyklykda, goşundylarsyz we konserwantsyz taýýarlanylýar. Önümçilik sanawymyz: Gutuly gantlar “Hasyl” atly gündogaryň meşhur parwarda süýjileri Miwe we dürli tagamly karamel süýjiler “Nowruz” atly köpsanly görnüşli huruşly ýumşak çeýnelýän süýjiler Taýajykly karameller (lollipop) Kristal şekeri, şeker tozy, wanilli şekeri Kakao külkesi, iýmit sodasy, hamyr gabartma tozy, limon turşusy we beýleki ýörite konditer goşundylary “Ak Gar” önümleri ýokary hil gözegçiligi astynda gaplanyp, sarp edijilere arassa we howpsuz görnüşde hödürlenýär.

    info@akgarcandy.com+99312596914
    5
    |
    3907
    info@akgarcandy.com+99312596914

    Bagdan

    VIP
    5
    |
    5178

    Önümçilik we senagat

    2011 Biziň kompaniýamyz, siziň günüňiziň lezzetli başlamagy üçin guradylan miweler dünýäsine gyzykly syýahadyna başlady. 2017 Buýsanç bilen ilkinji konditer zawodymyzy açdyk. Bu hil we innowasiýa ygrarlylygymyzy alamatlandyrýan möhüm tapgyr boldy. 2022 Üstünlige bolan höwesimiziň netijesinde kompaniýamyzy giňeltmek we bazardaky ornumyzy berkitmek üçin ikinji konditer önümlerini öndürýän fabrigimizi açdyk.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    5178
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Enemeli

    VIP
    5
    |
    1208

    Önümçilik we senagat

    “Enemeli” ýokary hilli bal we bal önümlerini öndürmekde ýöriteleşen bal kompaniýasydyr. Diňe tebigy maddalary ulanýarys we tebigaty göz öňünde tutup bal ýygnaýarys. Biziň maksadymyz, sagdyn durmuş ýörelgesini saklamak üçin müşderilerimize iň lezzetli we sagdyn bal hödürlemekdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1208
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Markow Coffee

    VIP
    5
    |
    364

    Önümçilik we senagat

    Markow Coffee kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, 1994-njy ýylda türkmen bazarynda işe başlady we häzirki wagtda Merkezi Aziýadaky iň iri kofe öndürijileriň biridir. Kompaniýa «Markow» atly haryt nyşany bilen giň görnüşli önümleri hödürleýär: «3-i 1-de» görnüşleri — klasiki, kapuççino, mokko, latte we ýer yndan tagamly wariantlar. Öndürilişde Indoneziýadan, Malaýziýadan, Awstraliýadan, Türkiýeden, Wýetnamdan getirilýän tebigy esasly premium düzüm birleşikleri ulanylýar. Şeýle hem kompaniýa liofilizirlenen eritme kofe, Nespresso üçin kofe kapsulalary, espresso üçin üwe­len kofe we gyzdyrylan kofe dänelerini öndürýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    364
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    BAKJAM söwda

    VIP
    5
    |
    3652

    Önümçilik we senagat

    Biziň “BAKJAM söwda” Hususy Kärhanamyz özüniň önümçilil işini 2009-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda başlady. Biziň kompaniýamyzyň işi süýji desertiň, ýagny wafli sagrajyklarynda, şahjagazlarda doňdurma, eskimo, konteýnerlerde maşgala doňdurmasy, briketler, tortlar we ş.m. ýalu görnüşlerde doňdurmalaryň öňümçiliginden başlandy. Her möwsümde biz görnüşlere täze tagamlar bilen täze ýagdaýlary goşmaga çalyşýarys. Biziň täze tehnologiýa bilen we diňe tebiby öňümlerden öndürilen önümlerimiz owadan açyk dizaýn we çagalygyň ýatdan çykmajak tagamy bilen tapawutlanýar, daşary ýürt öňünleriň ornuny tutýar we biziň ilatymyzda uly islege eýe. 2010-njy ýyldan biz börekleriň önümçiligi boýunça ugry sazlamak bilen, biziň işimiziň täze şahasyny açdyk. Börekleri elden bükmek bilen, kiçi işlerden başladyk. Önüm sarp edijiniň göwnüne ýarady, islege eýe boldy we biz ýarymfabrikatlaryň önümçiligi boýunça awtomatlaşdyrylan ugry goýbermekçi bolduk. Şol wasgtdan biziň görnüşlerimiz: börekler, dürli huruşly warenikler, kiçi-gutaplar bilen doldy we biz munuň bilen saklanmakçy däl.

    bakjam2022@gmail.com+99312594192
    5
    |
    3652
    bakjam2022@gmail.com+99312594192

    Ýüpekçi

    VIP
    5
    |
    499

    Önümçilik we senagat

    "Ýüpekçi" HJ, Türkmenistanda alkogolsyz içgiler öndürýän esasy kompaniýalaryň biridir. 2003-nji ýylda döredilen gününden bäri kompaniýanyň esasy ýörelgeleri ýokary hilli, durnuklylyk, innowasiýa we iň esasysy müşderini kanagatlandyrmak boldy. Kompaniýanyň birnäçe markasy bar, ýerli bazarda başarnykly bäsdeşleri we halkara derejesinde tanalýar. “Bold” markasy bolan önümler energiýa içgileri bazarynda öňdäki hatarda durýar we halkara arenasynda köp sanly baýrak aldy. “Ýüpekçi” kompaniýasynyň işgärleri baý tejribesi we zähmeti bilen tanalýar. Esasy önümçilik toplumy 55,688 gektar meýdany eýeleýär we 8 sany ýokary öndürijilikli önümçilik desgasyny birleşdirýär. Türkmenistanda 10 ammar we paýlaýyş merkezi bolan bu kompaniýa önümçilik we üpjünçilik ussahanalarynyň arasynda innowasion ulag ulgamy bilen üpjün edildi.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    499
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    TÄZE TAGAM

    VIP
    5
    |
    156

    Önümçilik we senagat

    Biz Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň agzasy Ahal  welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Garagum daýhan birleşiginiň  çäginde  guşçylyk  bilen  meşgullanyp,  towuk  etini we towuk ýumurtgasyny elýeter  bahalardan hödürläp, halka  hyzmat  edip gelýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    156
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    DAG ETEK

    VIP
    5
    |
    2303

    Önümçilik we senagat

    DAG ETEK hökmünde biz, hakyky lezzetiň tebigatdan başlanýandygyna ynanýarys. Her damja süýdüň arassalyk we tagam babatynda berk standartlarymyza laýyk bolmagy üçin ýerli daýhanlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris. Täze süýtden we tagamy baý gatyga çenli ähli önümlerimiz däp bolan usullar bilen döwrebap hil barlaglaryny utgaşdyryp taýýarlanylýar. Şeýdip, müşderilerimize hakyky tagam, iýmit gymmaty we hil arasynda kämil bir deňagramlylyk hödürleýäris. Durnukly ösüş — biziň maksadymyzyň merkezinde. Topragymyzy gorap saklaýan, jemgyýetlerimizi goldaýan we geljek nesilleriň hem şu günki tebigy ýagşylygyň lezzetini alyp bilmegine mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan arassa usullara ymtylýarys. DAG ETEK hökmünde biz diňe süýt önümlerini öndürmeýäris — her lokmada saglyk, bagt duýgusyny paýlaşýarys.

    dag.etek@bk.ru+99371410202
    5
    |
    2303
    dag.etek@bk.ru+99371410202

    ABADAN ÖNÜMÇILIK KÄRHANASY

    VIP
    5
    |
    342

    Önümçilik we senagat

    Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň "Abadan" önümçilik kärhanasy miwe we gök-bakja önümlerini gaýtadan işlemek gaplamak, çörek-köke önümlerini, arassalanan, gazsyz we gazly agyz suw, alkogolly içgilerini öndürýän kärhanasy bolup durýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    342
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    TUT

    VIP
    5
    |
    2332

    Önümçilik we senagat

    Alkogolsyz, ýokary hilli içgileriň öndürijisi “Jadyly çeşme” HK “TUT” brendiniň üsti bilen, özüniň heniz ýaş kärhanadygyna garamazdan Türkmenistanyň ilatynyň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolup barýar we bazardaky satuw paýyny artdyrmak bilen giňelmegini dowam etdirýär. Häzirki wagtda kärhanada 100-den gowyrak ýokary başarnykly işgärler zähmet çekip 10 görnüşli içgileriň önümçiligi Gündogar Ýewropada maşyngurluşyk pudagynda öňdebaryjy ýurtlaryň biri Polşadan getirilen ylymyň iň soňky gazanan tehnologiki enjamlarynda ýola goýulan. Kärhanamyzyň öz laboratoriýasynyň bolmagy, öndürilen her bir önümçilik partiýanyň hiline gözegçilik etmeklige we Polşadan çagyrylan hünärmenleriň önümlerimiziň yzygiderli hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işlemegi bize geljekde uly üstünlikleri nazarlamaga mümkinçilik berýär. Önümçilikden daşary biziň öz bölek satuw ulgamymyz ýola goýulan we her welaýat merkezlerinde yzygiderli marketing aksiýalaryny gurnamak we dolandyrmak boýunça edara ediş merkezlerimiz işleýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    2332
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Bakjaly Biz

    VIP
    5
    |
    349

    Önümçilik we senagat

    Bakjaly kärhanasy 2008-nji ýylda öz işine başlady. Kärhanamyz salfetkalar, hajathana kagyzy, kagyz polotensalary ýaly kagyzdan önümleri, mundan başgada karamelli, şokoladly, süyji, duzly popkornlary, kakao, çalt ereýän içgiler, dürli tagamly süýji pagtalary öndürýär. Önümleriň ýokary hilli bolmagy sebäpli kompaniýamyz Türkmenistanyň bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    349
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Mahmal Zip

    VIP
    5
    |
    323

    Önümçilik we senagat

    “Mahmal Zip” Hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanda ýerleşýän “Biýat” holdinginiň bir bölegi bolup durýar. Türkmenistanda içgi önümçiliginiň hilini halkara standartlaryna ýetirmek isleýän öňdebaryjy ýaş hünärmenler tarapyndan esaslandyryldy. 2014-nji ýylda “Mahmal Zip” Germaniýanyň markasy bolan “Sinalco” toparynyň düzümine girip, häzir “Sinalco” içerki bazarda Türkmenistandaky resmi wekili hökmünde iş alyp barýar. Kompaniýa Ýewropanyň standartlaryna laýyk gelýän içgileri öndürýär. “Sinalco” içgileriniň Türkmenistanyň görnüşleriniň arasynda “Sinalco Cola”, “Sinalco Orange”, “Sinalco Zitrone”, “Sinalco Jump” we “Sinalco Fresco” bar. Türkmenistanyň bazary üçin ýörite taýýarlanan “Sinalco YEKE TAK” liniýasy hem uly meşhurlyga eýe boldy we häzirki wagtda diňe paýtagtdaky dükanlarda däl, eýsem Türkmenistanyň ähli sebitlerinde satylýar. Häzirki wagtda kompaniýada takmynan 100 adam işläp bilýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    323
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Çäksiz Lezzet

    VIP
    5
    |
    1651

    Önümçilik we senagat

    “Çäksiz Lezzet” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda alýumin gaplardaky sowuk çaýlary, gazlandyrylan içgileri we miwe şirelerini öndürmekden işine başlady. Kärhanamyz häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanyp, ýokary hilli we tebigy tagamly önümler bilen alyjylaryň ynamyny gazandy. Häzirki wagtda önümçilik kuwwatymyz dürli görnüşli alkogolsuz içgileri, kofe we kartoşka çipslerini öz içine alýar. Önümlerimiz “Tükel” we “Esas” haryt nyşanlary bilen ýerli bazarda giňden tanalýar. Esasy üstünligimiz – halkara tejribeleri özleşdirip, dünýä belli brendler bilen bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri hödürlemekdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1651
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri