Üstaşyr gümrük tertibi boýunça Türkmenistanyň serhedinden daşalýan harytlary we ulaglary ýerleşdirmek “ASYCUDA World” maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylýar.
Üstaşyr gümrük rugsadyny almak üçin daşaýjy ýa-da ekspeditor gümrük gullugyna aşakdaky resminamalary tabşyrýar:
Ulag (daşama) resminamasy (SMR, uçar, demir ýol ýanhaty, ýük daşama kagyzy we ş.m.)
Söwda resminamasy (hasap-faktura, proforma-faktura)
Gaplama (ugratma) kagyzlary
Harytlaryň gelip çykyşy barada şahadatnama (ST-1, ST-2, "A" görnüşiniň şahadatnamalary) ýa-da harytlaryň gelip çykyşyny tassyklaýjy deklarasiýa
Gerek bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilen, gümrük serhedinden harytlaryň daşalmagy baradaky çäklendirmeleriň berjaý edilýändigini tassyklaýan rugsatlar, ygtyýarnamalar, şahadatnamalar we (ýa-da) beýleki resminamalar

